- tüýs
- 11) Görnüş, keşp, sypat, reňk, ýüz.∙ Garaýagyz tüýsi-de bir hili gyzaryp gitdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)2) Gylyk-häsiýet, boluş.∙ Ol bütinleý öňki tüýsüni ýitiripdir. Kuhnýadan tüýsüni üýtgedip çykan Aýgül onuň zähresini ýardy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.Meselem tüýs - tüýsüm, tüýsüň.2Hakyky, hakykatdan, baryp ýatan, edil, hut.∙ Begenç tüýs şöhrata zerýän bir ýigit. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Özi hem köpçülik işlerine tüýs berlen adam. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)∙ Ol suw astynda ýüzüp bilýän bolsa, tüýs edermen boldugy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Sözleýär: -Ýoldaş! -- diýip, tüýs adam ýaly. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.Meselem tüýs - tüýsüm, tüýsüň.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.